Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşykda nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerine, şanly wakalara taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän çärelere, şeýle hem döwletiň we jemgyýet durmuşynyň beýleki meselelerine garaldy. 

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyga ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy. 

Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak we güýzlük bugdaý ekişiniň jemleriniň jemlenendigi barada hasabat berdi, Ministrler Kabinetiniň 2-nji noýabrda geçirilen mejlisinde bu möhüm çäräniň tamamlanylandygy habar berildi. 

Oba hojalyk zähmetkeşleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynyň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanýarlar. Şunlukda, Türkmenistan boýunça pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnama şu güne çenli 95 göterim ýerine ýetirilip, Watanymyzyň “ak altyn” harmanyna 1 million tonnadan gowrak hasyl tabşyryldy. 

Bu işde Ahal welaýatynyň pagtaçy kärendeçileri öňde barýarlar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary pagtaçylaryň yhlasly zähmeti bilen gowaçanyň bol hasylyny kemala getirendi-klerini aýdyp, olaryň arzyly sepgide ýetjekdiklerine milli Liderimizi ynandyrdy. Şu günler daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta zaýasyz ýygnalýar. Daýhanlar pagta ýygymyna uly höwes bilen gatnaşýarlar. 

Mundan başga-da, wise-premýer öňde boljak şanly senelere, hususan-da, ýurdumyzda giňden dabaralandyrylýan Hasyl toýuna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň taryhy çözgütleriniň oba zähmetkeşleriniň öz üstü-ne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, zähmetsöýer pagtaçylaryň häzirki gazanan netijeleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan häzirki zaman tala-plaryna doly laýyk gelýändigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk toplumynyň ähli düzüm-leriniň işine mynasyp baha bermek üçin wise-premýere gözegçilik edýän ministrliginiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ähli derejedäki ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleriniň ýerine ýetirýän işlerini seljermegini hem-de zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiz ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi bilen gowaça-nyň bol hasylynyň ýetişdirilendigini, howanyň amatly günleriniň bolsa gozalaryň köpçülikleýin açylma-gyna oňat täsir edýändigini belläp, wise-premýere ekin meýdanlarynda galan “ak altyny” çalt ýygnamak üçin bar bolan serişdeleri goşmaça jemlemegi tabşyrdy. Milli baýlygymyz pagta bolan gatnaşygymyz aýratyn häsiýetli bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň hasyly üçin taýýarlyk işlerinde agrotehniki çäreleriň kada laýyk geçirilmelidigini belledi. Kärendeçiler bilen hasaplaşyk meseleleri hemişe göze-gçilikde saklanylmalydyr. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Hasyl toýuna taýýarlyk baradaky meselä degip geçip, edermen daýhanlarymyzyň, tutuş ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň işgärleriniň ýylboýy yhlasly zähmetiniň jemine bagyşlanan bu köpçülikleýin dabaranyň ýokary gu-ramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, Hasyl toýunyň dowamynda has tapawutlanan pagtaçylaryň we beýleki oba hojalyk zähmetkeşleriniň gymmat bahaly sylaglar bilen sylaglanmalydygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew häzirki döwürde ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Türkmenbaşy şäherinde Lazurit (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa) ugry boýunça halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki derejesiniň ýokarlanýandygyny, «Demirgazyk — Günorta» ugry boýunça demir ýol gatnawynyň, şeýle hem awtomobilleriň hereketiniň has-da artandygyny belläp, hormatly Preziden-timiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugra degişli düzümleriň işini döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenhowaýollary” gullugynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça meseleleriň çözgüdine jogapkärli çemeleşmegiň, şeýle hem Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň doly kuwwatynda işledilmeginiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz deňiz portunyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, bu ugurda marketing usulyny peýdalanmagyň, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra göni aragatnaşyk boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow senagat toplumynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işine nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garlykdaky kaliý kärhanasynyň milli ykdysadyýetimiz üçin ägirt uly ähmiýete eýedigini belläp, bu kärhananyň doly kuwwatynda işlemegini üpjün etmegi tabşyrdy. Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň işe girizilenine bir ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, bu önümçilik toplumy doly taslama kuwwatyna çykarylanok, onuň ýolbaşçylaryndan bolsa emele gelen ýagdaýy düzetmek boýunça hiç hili teklip gelip gowşanok. 

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüze çykan kemçilikleri doly seljermegi, bu toplumyň işi bilen baglanyşykly meseleleri oňyn çözmek üçin halkara arbitraža degişli resminamalary taýýar-lamagy we ýollamagy tabşyrdy. 

Göni aragatnaşyk boýunça iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowyň hasabaty bilen dowam etdi, ol 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýar-lamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Wise-premýer bu resminamada ýurdumyzyň maliýe ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýändigini habar berdi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, maliýe-ykdysady toplumyň edaralarynyň işine degişli mese-leleriň döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmek üçin Döwlet býujetiniň talabalaýyk derejede taýýarlanylmaly-dygyny belledi. 

Şoňa görä-de, ykdysady toplumyň düzümleri halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin aňrybaş tagallalary etmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew çagyryldy, ol gur-luşygy meýilleşdirilýän täze binalaryň taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem öňde boljak şanly dabara-lary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek ugrunda paýtagtymyzda görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherinde tertip-düzgüniň, arassaçylygyň we aba-dançylygyň yzygiderli üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Paýtagtymyzyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr. 

Milli Liderimiz paýtagt häkimliginiň ýolbaşçysyna ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek bilen baglanyşykly anyk görkezmeleri berdi, şeýle hem paýtagtymyzyň bezegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz öňde boljak dabaralary guramak barada aýtmak bilen, ähli baýramçylyk çäreleriniň häzirki döwrüň talabyna we ruhuna laýyk gelmelidigini, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň beýanyna öwrülmelidigini nygtap, bu babatda häki-me birnäçe görkezmeleri berdi. 

Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna hem-de Wa-tanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=11851