Halkara Hyzmatdaşlygy

“Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek” maksatnamasyny amala aşyrmakda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy boýunça 2019-njy ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň sanawy

1. Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynyň seýsmik töwekgelçiligini peseltmekligi amala aşyrmak meselelerini durmuşa geçirmek boýunça Pudagara geňeşini hem-de iş toparyny döretmek.

2. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanynda seýsmik howpa baha bermek we ýertitremeleri çaklamak boýunça seljeriş geňeşini döretmek.

SEÝSMIKI HOWPA BAHA BERMEK BOÝUNÇA HALKARA TASLAMA

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň

“Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” atly žurnalynyň 4-nji sanynda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri L.Agaýewanyň, L.Aşyrowanyň we I.Toplyýewiň ylmy makalasy çap edildi.

 

SEÝSMIKI HOWPA BAHA BERMEK BOÝUNÇA HALKARA TASLAMA

 

Heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini azaltmak meselelerinde halkara meýilleri we ýapon tejribesi ulgamynda bilimleri alyşmak

2017-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň uly mejlisler zalynda “Heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini azaltmak meselelerinde halkara meýilleri we ýapon tejribesi ulgamynda bilimleri alyşmak” atly ylmy-amaly maslahatyna institutyň hünärmenleri gatnaşyp pikir alyşdylar.

 

Maslahat “Aşgabat şäherinde we onuň daş-töweregindäki çäklerde seýsmologik gözegçilikler ulgamyny döwrebaplaşdyrmak” barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentliginiň arasynda baglaşylan şertnamanyň çäklerinde geçirilýär.